Bedenime şerap bilen lezzet bermegi, akmaklyga urmagy ýüregime düwdüm, ýüregim maňa entegem paýhas bilen ýol görkezýärdi. Men muny öz gysga ömürleriniň dowamynda gögüň astynda ederleri ýaly, ynsanlar üçin nämäniň ýagşydygyny bilmek üçin etdim.
Hudaý adama baýlyk, mal-mülk we abraý berýär, ähli islän zadyndan kemlik edýäni ýok, ýöne oňa bulardan lezzet almaga mümkinçilik bermeýär, ony bir keseki iýýär. Bu biderek, erbet dertdir.
Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.