Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 3:12 - Mukaddes Kitap

12 Ynsan üçin şatlanmakdan we ömürboýy ýagşylyk etmekden gowy zadyň ýokdugyny bilýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Ынсан үчин шатланмакдан ве өмүрбойы ягшылык этмекден говы задың ёкдугыны билйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 3:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden, Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim.


Bedenime şerap bilen lezzet bermegi, akmaklyga urmagy ýüregime düwdüm, ýüregim maňa entegem paýhas bilen ýol görkezýärdi. Men muny öz gysga ömürleriniň dowamynda gögüň astynda ederleri ýaly, ynsanlar üçin nämäniň ýagşydygyny bilmek üçin etdim.


Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.


Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.


Dogry işleri şatlanyp edýänleri, Seni ýatlaýanlary garşylaýarsyň ýollaryňda. Ýöne günä batdyk biz, Sen gaharlandyň, biz halas edilerismi?


Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.


Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».


Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Soňra Hudaýyňyz Rebbiň özüňize we öýüňize eçilen bolelinligi üçin lewiler we araňyzda ýaşaýan gelmişekler bilen bile şatlanyp baýram ediň.


Reb size ýagşylyk edip, siziň sanyňyzy köpeldende, näçe lezzet alan bolsa, sizi gyryp ýok edende hem şonça lezzet alar. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden siz sogrulyp taşlanarsyňyz.


Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ