Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Худай әхли зады өз вагтында гөзел этди. Шейле хем эбедилиги ынсаның йүрегине салды, йөне шонда-да олар Худайың овалдан ахыра ченли эден ишини аңлап билмезлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 3:11
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý Öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.


Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bilermiň? Gudratygüýçliniň aňry çägine ýetip bilermiň?


Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir, Ol adyldyr, dogrulykda beýikdir, Ol hiç zulum etmeýär.


Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, san-sajaksyz gudratlary görkezýär.


Reb Öz halkyny juda köpeltdi, olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.


Reb ähli zady bir maksadyna döretdi, hatda erbedi hem ýaman gün üçin.


Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr.


Ýeliň ýoluny we göwreli enäniň göwresindäki çaga nädip jan girýänini bilmeýşiň ýaly, sen hemme zady ýaradan Hudaýyň işlerini-de bilýän dälsiň.


Hudaýyň işine seret; Onuň egreldenini kim dograldyp bilýär?


Bularyň baryny paýhas bilen synadym; «Dana bolaryn» diýdim. Emma ol menden uzakdy.


Ine, men muny bildim: Hudaý ynsany dogry edip ýaratdy, ýöne olar köp toslamalar oýlap tapdylar».


Şeýdip, Hudaýyň ähli işlerini gördüm. Günüň astynda edilýän işlere düşünip bolmaýar. Ynsan ony agtarjak bolup, näçe synanyşsa-da, tapmaz, hatda dana adam muny bilýändigini aýtsa-da, tapyp bilmez.


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Halk çakdanaşa geňirgenişip: «Ol ähli zadyň hötdesinden gelýär, hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar» diýişýärdi.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler?


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ