Emma Elýaşa gaharlanyp: «Nagaman seni garşylamak üçin arabasyndan düşende, men ruhda seniň bilen dälmidim? Bu kümüş, egin-eşik, zeýtundyr üzüm baglary, goýunlar, öküzler we gullardyr gyrnaklar alynýan wagtymy näme?
Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr.
Bedenime şerap bilen lezzet bermegi, akmaklyga urmagy ýüregime düwdüm, ýüregim maňa entegem paýhas bilen ýol görkezýärdi. Men muny öz gysga ömürleriniň dowamynda gögüň astynda ederleri ýaly, ynsanlar üçin nämäniň ýagşydygyny bilmek üçin etdim.
Ertirine hem: „Asmanyň ýüzi garalypdyr hem tutuk, bu gün gaý turjak“ diýýärsiňiz. Siz asmana seredip, howanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi?