Abşalom: «Meniň adymy ýatladar ýaly yzymda galjak oglum ýok» diýip, heniz dirikä, Patyşa jülgesinde özi üçin bir sütün dikipdi we oňa öz adyny dakypdy. (Oňa häzir hem Abşalomyň ýadygärligi diýilýär.)
Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen git-de, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn».
Uzyýa çölde-de diňler gurup, köp guýulary gazdyrdy. Onuň günbatar baýyrlykda we düzlükde uly mal sürüsi bardy, daglarda we mes toprakly ýerlerde daýhanlary we üzüm bagbanlary bardy. Uzyýa daýhançylyk etmegi söýýärdi.
Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyny Dawut galasyndan onuň üçin guran köşgüne getirdi. Süleýman: «Aýalym Ysraýylyň patyşasy Dawudyň köşgünde ýaşamasyn, çünki Rebbiň sandygynyň bolan ýerleri mukaddesdir» diýdi.
Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.