Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 2:26 - Mukaddes Kitap

26 Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Чүнки Худай пайхасы, билими ве шатлыгы Өзүни разы эдене берйәндир. Гүнәли адама болса, Худайы разы эдене берсин дийип топламак, йыгнамак ишини берйәр. Бу-да бидерек, салгыма чапмак.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 2:26
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün, çünki Men seniň döwürdeşleriňiň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm.


Ýöne ynsana içindäki ruh, Gudratygüýçliniň demi akyl berýär.


Leglege paýhas beren kim? Horaza düşünje beren kim?


Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.


Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!


Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-da miras galdyrýar, ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.


Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.


Peýda we göterim bilen baýlygyny artdyrýan ony garyplara sahawat edýän adam üçin ýygnaýandyr.


Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr.


Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.


Çünki kim Onsuz iýip, lezzet alyp bilýär?


Ynsanlara işli bolarlary ýaly Hudaýyň beren işini gördüm.


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar.


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ