Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 2:23 - Mukaddes Kitap

23 Olaryň bütin ömri dertden, zähmeti gussadan doly; ýüregi gijesine-de rahatlanmaýar. Bu-da biderek!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Оларың бүтин өмри дертден, зәхмети гуссадан долы; йүреги гиҗесине-де рахатланмаяр. Бу-да бидерек!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 2:23
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adama bolsa Beýik Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.


Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi.


Şol gije patyşanyň gözüne uky gelmän, ol köşgüň ýyl ýazgylaryny getirmegi buýurdy. Ony patyşanyň öňünde okadylar.


«Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr.


Uçgunyň ýokaryk uçuşy dek, ynsan hasrat üçin dogulýar.


Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.


Çünki Rebbiň sözi dogry, wepalydyr Onuň ähli işleri.


Meni çagyranlarynda jogap bererin. Muşakgatlarda olar bilen bolaryn, azat edip, şan-şöhrata beslärin.


Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr.


«Paýhas näçe köp bolsa, gussa-da şonça köpdür. Bilimini artdyrýanlar, derdini-de artdyrýandyrlar».


Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy.


Günüň astynda bir erbet dert gördüm: toplanan baýlyk eýesine zelel getirdi.


Ine, meniň görenim şudur: ynsana iýip-içip, Hudaýyň özüne beren gysga ömrüniň içinde Günüň astynda çekýän bütin zähmetinden lezzet almak ýaramlydyr; çünki bu onuň takdyrydyr.


Men paýhasy bilmegi, ynsanyň gözleriniň gije-gündiz uky görmän, ýer ýüzünde edýän işini öwrenmegi niýetime düwdüm.


Onsoň patyşa köşgüne gitdi. Oňa göwnüni göterer ýaly hiç zat getirilmedi we ol gijesini agyz bekläp geçirdi. Onuň gözüne uky gelmedi.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ