Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 2:22 - Mukaddes Kitap

22 Ynsanlar Günüň astynda çeken ähli zähmetinden, özüne zor salmakdan näme peýda tapýar?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Ынсанлар Гүнүң астында чекен әхли зәхметинден, өзүне зор салмакдан нәме пейда тапяр?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 2:22
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.


Zähmet çekdirýän onuň işdäsidir, açlygy ony mejbur edýändir.


Ynsan Günüň astynda çekýän zähmetinden näme peýda tapýar?


Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy.


Işleýäne çekýän zähmetinden näme peýda bar?


Emma bir owuç asudalyk iki owuç zähmetden we salgyma çapmakdan gowudyr.


Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.


Ine, meniň görenim şudur: ynsana iýip-içip, Hudaýyň özüne beren gysga ömrüniň içinde Günüň astynda çekýän bütin zähmetinden lezzet almak ýaramlydyr; çünki bu onuň takdyrydyr.


Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.


Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? Ynsan öz janyna derek näme berip biler?


Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.


Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir?


Şonuň üçin ertiri gaýgy etmäň, ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir».


Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň.


Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň.


siz hem şeýle adamlara, olar bilen işläp zähmet çekýänleriň her birine gulak asyň.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Şonuň üçin-de, iýjegimiziň, geýjegimiziň bardygyna şükür etmelidiris.


Ähli gaýgy-aladaňyzy Hudaýa tabşyryň, sebäbi Ol siziň gamhoruňyzdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ