Gudratygüýçli Hudaýyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».
Onuň akylly ýa-da akylsyz boljakdygyny kim bilýär? Muňa garamazdan, olar Günüň astynda paýhas bilen çeken bütin zähmetime eýelik ederler. Bu-da biderek.
Çünki adam paýhas, bilim we ussatlyk bilen zähmet çekýär, ýöne ol baryny hiç bir zähmet çekmedik başga adama galdyrmaly bolýar. Bu-da biderek, uly adalatsyzlyk!