Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 2:18 - Mukaddes Kitap

18 Men Günüň astynda çeken ähli zähmetimi ýigrendim, çünki men bar gazanjymy özümden soň geljege goýup gitmeli.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Мен Гүнүң астында чекен әхли зәхметими йигрендим, чүнки мен бар газанҗымы өзүмден соң гелҗеге гоюп гитмели.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 2:18
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.


Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.


Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi – müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.


Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr.


Ynsan Günüň astynda çekýän zähmetinden näme peýda tapýar?


Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy.


Çünki adam paýhas, bilim we ussatlyk bilen zähmet çekýär, ýöne ol baryny hiç bir zähmet çekmedik başga adama galdyrmaly bolýar. Bu-da biderek, uly adalatsyzlyk!


Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.


Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir.


Günüň astynda özüňe berlen boş ömrüň bütin dowamynda söýýän aýalyň bilen durmuşdan lezzet al, çünki durmuşdan, Günüň astynda çekýän zähmetiňden galan paýyň budur.


Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.


Men Hudaýyň özüme beren merhemeti arkaly ussat binagär kimin ymaratyň binýadyny tutdum. Başga biri bolsa binany gurýar. Ýöne her kes öz gurýany babatda ünsli bolmalydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ