Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 2:17 - Mukaddes Kitap

17 Şonuň üçin durmuşy ýigrendim, çünki Günüň astynda edilýän işler maňa hasrat getirdi. Bary biderek, salgyma çapmak.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шонуң үчин дурмушы йигрендим, чүнки Гүнүң астында эдилйән ишлер маңа хасрат гетирди. Бары бидерек, салгыма чапмак.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 2:17
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.


Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň, gazabyň ýatyşýança, meni ýaşyrsadyň, maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!


Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.


Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim.


Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy.


Ynsanlar Günüň astynda çeken ähli zähmetinden, özüne zor salmakdan näme peýda tapýar?


Men ýene Günüň astynda kazylykda adalatyň deregine-de, dogrulygyň deregine-de pisligiň bardygyny gördüm.


Bireýýäm ölüp gidenleri dirilerden bagtly saýdym. Emma entek dogulmadyk, Günüň astynda edilýän pis işleri görmedik, bularyň ikisinden-de bagtlydyr.


Baryňa kanagat etmek kalbyň arzuw etmesinden ýagşydyr. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Indi bolsa, Ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr».


Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.


Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň? Zorluk we zulum gözümiň alnynda, uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok.


Maňa beýle daraşandan, eger Seniň nazaryňda merhemet gazanan bolsam, gowusy, Sen meniň janymy al, men hem bu azaplardan dynaýyn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ