Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 2:14 - Mukaddes Kitap

14 «Akyllynyň gözleri başyndadyr; akylsyz bolsa garaňkylykda gezýändir. Emma hemmesiniň takdyrynyň bir ekenligini bildim».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 «Акыллының гөзлери башындадыр; акылсыз болса гараңкылыкда гезйәндир. Эмма хеммесиниң такдырының бир экенлигини билдим».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 2:14
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb! Patyşany halas et, çagyran wagtymyzda bize jogap ber.


Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi – müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.


Men bilýärin dagyň ähli guşlaryny, meýdan jandarlarynyň bary Meniňki.


Paýhasly adamyň danalygy öz ýoluna düşünmegi üçindir, akylsyzyň akmaklygy bolsa aldawçylykdyr.


Düşünjeli adam danalyga seredýändir, akmagyň nazary ýeriň aňry çetine.


Çünki akylly-da akylsyz kimin unudylar, geljekde hemmeler unudylar. Näme üçin akylly akylsyz kimin ölýär?


Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek.


Ol adam iki müň ýyl ýaşasa-da, abadanlykdan lezzet alsa-da, ahyrynda beýlekiler ýaly ol hem ötüp gitmeýärmi?


Akyllynyň akylsyzdan näme artygy bar? Garyp ynsanlaryň öňünde nähili gezmelidigini bilse-de, munuň oňa näme haýry bar?


Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar.


Dana taý geljek barmy? Zatlaryň manysyny kim bilýär? Paýhas ynsanyň ýüzüni nurlandyrýar, oňa mähir berýär.


Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlüleriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr.


Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär.


Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol tümlükdedir. Ol tümlükde gezip, nirä barýanyny bilýän däldir, sebäbi tümlük onuň gözlerini kör edendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ