Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?
Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez.