Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 12:11 - Mukaddes Kitap

11 Dananyň sözleri çişler kimindir; toplanan pähimli sözler berk kakylan çüýler ýalydyr. Pähimli sözler bir çopan tarapyndan berlendir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Дананың сөзлери чишлер киминдир; топланан пәхимли сөзлер берк какылан чүйлер ялыдыр. Пәхимли сөзлер бир чопан тарапындан берлендир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 12:11
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýakubyň Gudratly Hudaýy, Ysraýylyň Çopany, Gaýasy tarapyndan onuň ýaýy berk, gollary gujurly edildi.


Emma indi Hudaýymyz Reb bize, aman galan halka az salymlyk rehim etdi we Öz mukaddes mekanynda orun berdi. Gözümizi nurlandyryp, gulçulygymyzda bize biraz ýeňillik berdi.


Rebbiňkidir ýer we ondaky zatlar, älem hem-de onda ýaşaýanlar.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Dogruçylyň agzy köpleri bakýar, akmaklar bolsa kemakyllykdan ölýär.


Gulak as-da, akyldarlaryň sözüni diňle, meniň öwretjek zatlaryma dykgat et.


Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder.


Biakylyň aýdymyndan akyllynyň käýinji ýagşydyr.


Ony ýere gazyk kimin gaýym kakaryn, ol öz nesillerine hormat tagty bolar.


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Meniň sözüm ot kimin, gaýany bölek-bölek edýän tokmak kimin dälmidir? Muny Reb aýdýandyr.


Olary bakar ýaly üstlerinden ýeke-täk çopan goýaryn. Meniň gulum Dawut olary bakar we olaryň çopany bolar.


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin.


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?!


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys.


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.


Şeýle etseňiz, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ