Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Җуванлыгыңда, агыр гүнлер гелмәнкә, «олардан леззет алмарын» дийҗек йылларың голайлашманка, өзүңи Яраданы ятла.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 12:1
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ýusup bilen biledi. Ýusubyň işleri oňuna boldy; ol müsürli jenabynyň öýünde ýaşaýardy.


Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi.


Häzir men segsen ýaşymda, göwne ýakymly-ýakymsyz zatlary saýgaryp bilemok. Men guluň öz iýip-içýän zatlarymyň tagamyny-da bilemok. Erkegu-aýal bagşylaryň seslerini eşidip bilemok. Şeýle bolsa, näme üçin men guluň şa hezretlerine ýük bolsun?!


Guluň bolan men patyşa bilen diňe biraz ýol ýöräp, ony Iordan derýasyndan geçirmek isleýärin. Patyşa näme üçin meni beýle sylaglamaly?


Bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutup, ony jaýlar. Ýarobgamyň maşgalasyndan diňe şu oglan däbe görä jaýlanar. Çünki Ýarobgamyň neslinden diňe şu oglan Ysraýyl Hudaýy Rebbiň göwnünden turdy.


Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär.


Onsoň men beglere, baştutanlara we beýleki duranlara birlaý göz aýlap, şeýle diýdim: «Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaň! Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!»


Olardan maňa ne peýda bar? Bileklerinde kuwwat ýok.


Betniýet şaýatlar garşyma çykýar, bilmeýän zadymy menden soraýar.


Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär, gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär, «Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.


Şoňa görä ýamanlyk saňa asla ýanaşmaz, bela-beter çadyryňyň ýanyna gelmez.


Çagany dogry ýol bilen terbiýele, ulalanda hem şondan sowulmaz.


Meni söýýänleri söýýärin, meni yhlas bilen agtarýanlar tapýarlar.


Gaýgyny ýüregiňden çykar, azaby bedeniňden daşlaşdyr, çünki ýaşlyk-da, juwanlyk-da gysga wagtlykdyr.


Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.


Uzak ýyllap ýaşaýanlar hem her bir ýaşan güne şatlansynlar, ýöne köp garaňky günleriň boljakdygyny-da unutmasynlar. Bar bolýan zat biderekdir.


Ýa Reb, Hökümleriňiň ýodasynda, biz Saňa intizar, Seniň adyň we ýatlanmagyň ýüregimiziň islegidir.


Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.


Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär.


Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.


Emma Isa çagalary ýanyna çagyryp: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr.


Eý, atalar, siz hem çagalaryňyzyň gaharyny getirmäň. Gaýtam, olary Rebbiň terbiýesi hem öwüdi bilen ulaldyň.


Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.


Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.


Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi. Soňra ol şol ýerde Rebbe sežde etdi.


Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.


Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.


Ýaşajyk Şamuwel bolsa Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp, ýaş babatda-da, pähim-paýhas babatda-da gününi sanap ösýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ