Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 11:8 - Mukaddes Kitap

8 Uzak ýyllap ýaşaýanlar hem her bir ýaşan güne şatlansynlar, ýöne köp garaňky günleriň boljakdygyny-da unutmasynlar. Bar bolýan zat biderekdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Узак йыллап яшаянлар хем хер бир яшан гүне шатлансынлар, йөне көп гараңкы гүнлериң болҗакдыгыны-да унутмасынлар. Бар болян зат бидерекдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 11:8
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garaňky, tüm garaňky dünýä, zulmatdan, tümlükden doly dünýä. Ýagtylygy garaňkylyk ýaly bolan diýara gitmezimden öň, goý, biraz ynjalyk tapaýyn özüme».


Emma ynsan ölüp, ýok bolýar, adamzat jan berip, ýitirim bolýar.


ynsan hem ýatýar-da, gaýdyp turmaýar, gökler ýok bolýança, adamlar oýanmazlar, ukularyndan turuzylmaz.


„Niredekä?“ diýip, bir döwüm nan üçin sergezdanlyk edýärler, garaňkylyk gününiň ýakyndygyny bilýärler.


Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, dünýäden kowulýarlar.


Sen oturyp, doganyňa garşy gepleýäň, öz ejeňiň ogluna myjabaty ýöňkeýäň.


Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.


Onsoň men öz-özüme: «Akylsyzyň başyna gelen meniň-de başyma geler. Onda akylly bolmagymyň peýdasy näme?» Öz-özüme: «Bu-da biderek» diýdim.


Şonuň üçin durmuşy ýigrendim, çünki Günüň astynda edilýän işler maňa hasrat getirdi. Bary biderek, salgyma çapmak.


Onuň akylly ýa-da akylsyz boljakdygyny kim bilýär? Muňa garamazdan, olar Günüň astynda paýhas bilen çeken bütin zähmetime eýelik ederler. Bu-da biderek.


Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Onuň baştutanlyk edýän ähli halky san-sajaksyzdy. Emma soň gelenler ondan razy bolmazlar. Elbetde, bu-da biderek, salgyma çapmak.


Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.


Köp söz biderekligi artdyrýar; munuň ynsana näme peýdasy bar?


Ol adam iki müň ýyl ýaşasa-da, abadanlykdan lezzet alsa-da, ahyrynda beýlekiler ýaly ol hem ötüp gitmeýärmi?


Ýagşy günde şat bol, gara günde muny ýatla: ynsan özünden soň näme boljagyny bilmesin diýip, Hudaý ýagşylygy-da, betbagtlygy-da ýaratdy.


Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.


Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.


Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.


Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „El-aýagyny daňyň-da, ony daşary, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar“ diýýär.


Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir.


Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler, soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar.


Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ