Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 11:2 - Mukaddes Kitap

2 Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Эмләгиңи еди, хатда секиз кишә пайла, чүнки сен бу дүнйәде нәхили бетбагтчылыгың болҗакдыгыны билйән дәлсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 11:2
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer».


Şonuň üçin obalarda ýaşaýan ýahudylar Adar aýynyň on dördünji gününi şatlyk, toý-meýlis, baýram güni hökmünde belläp, şol gün olar biri-birlerine toý paý iberýärler.


Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez.


Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!


Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.


Gara bulut ýagyş ýagdyrýandyr. Günorta ýa demirgazyga tarap ýykylan agaç ýykylan ýerinde galar.


Uzak ýyllap ýaşaýanlar hem her bir ýaşan güne şatlansynlar, ýöne köp garaňky günleriň boljakdygyny-da unutmasynlar. Bar bolýan zat biderekdir.


Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Patyşa: «Bu patyşa paýtagty bolsun diýip, şan-şöhratym üçin öz gudratly güýjüm bilen guran beýik Babylym dälmi?» diýdi.


Ol halkyna parahatçylyk getirer. Aşurlylar ýurdumyza gelip, köşgümizi basgylasalar, biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris.


Isa oňa: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş gezek ýedi diýýärin» diýip jogap berdi.


Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme.


Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä edip, ýedi gezek hem ýanyňa gelip: „Toba edýärin!“ diýse, ony bagyşla».


Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň.


Her bir pursatdan degerli netije çykaryň, sebäbi bu ýaramaz döwürdir.


Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň.


Öz ýigitleriňden sorasaň aýdarlar. Indi senem meniň ýigitlerim bilen mylakatly bol, çünki biz ýanyňa sähetli güni geldik. Öz gullaryňa hem ogluň Dawuda nämäň bar bolsa bermegiňi towakga edýärin“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ