1 Nany suwa at, birnäçe günden ýene ony taparsyň.
1 Наны сува ат, бирнәче гүнден ене оны тапарсың.
bal, süzme, goýun etini, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Sebäbi olar goşunyň çölde aç-suwsuz hem ýadawdygyny aýdypdylar.
Erbediň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.
Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.
Sahy adam ýalkanýandyr, çünki ol çöreginden ejizlere berýär.
Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.
Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty, saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.
her çeşmäniň boýunda ekin ekýän, öküzi, eşegi boş iberýän siz bagtly bolarsyňyz!
Emma asylzada asylly niýet edýär, asylly işlerinde berk durýar ol.
Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
Öýdäkiler muňa mynasyp bolsalar, dilän salamatlygyňyz olaryň üstüne iner, emma mynasyp bolmasalar, bu özüňize öwrülip geler.
Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».
Iki çuwal alan-da şonuň ýaly edip, ýene iki çuwal pul gazanýar.
Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.
Şonda sen ýalkanarsyň. Çünki olar saňa öwezini dolup bilmezler, munuň öwezi saňa dogry adamlaryň direlen wagty berler» diýdi.
Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr.
Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.