6 Akmak ýokary ýerlerde goýulýar, baý pes ýerde oturýar.
6 Акмак ёкары ерлерде гоюляр, бай пес ерде отуряр.
Şu wakalardan soň Kserks patyşa agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň wezipesini beýgeldip, ony öz ýanyndaky emeldarlaryň ählisinden ýokarda goýdy.
Mordekaýyň dyza çöküp, özüne tagzym etmeýändigini görende, Haman gahar-gazapdan doldy.
Akmaga aýşy-eşretde ýaşamagyň gelişmeýşi ýaly, gula hem begiň üstünden höküm sürmek has beter gelişýän däldir.
Dogrular üstün çykanda, uly dabara bolýandyr, emma erbetler güýje eýe bolsa, adamlar bukulýandyr.
Erbetler güýje eýe bolanda, adamlar bukulýandyr, olar heläk bolanda bolsa, dogruçyllar güýçlenýändir.
Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.
Günüň astynda ýene-de bir ýamanlyk gördüm. Bu hökümdar tarapyndan goýberilýän säwlikdir: