2 Akyllynyň ýüregi dogrulyga tarap, akylsyzyň ýüregi bolsa egrilige tarapdyr.
2 Акыллының йүреги догрулыга тарап, акылсызың йүреги болса эгрилиге тарапдыр.
Paýhasly adamyň danalygy öz ýoluna düşünmegi üçindir, akylsyzyň akmaklygy bolsa aldawçylykdyr.
Dananyň dili bilim ýaýradýar, akmagyň aňy beýle däldir.
Näme üçin akmagyň elinde danalyk almaga pul bolsun? Onda öwrenmek niýeti ýok.
Eger palta kütek bolsa, ýüzi ýiteldilmese, oňa köpräk güýç sarp etmeli bolýandyr. Danalyk bolsa üstünlige eltýändir.
Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler?
Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.
Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar.
Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr.