18 Ýaltalyk zerarly üçek çökýändir, işsiz eller zerarly öýe suw geçýändir.
18 Ялталык зерарлы үчек чөкйәндир, ишсиз эллер зерарлы өе сув гечйәндир.
Janypkeşiň eli höküm sürer, ýalta mejbury işe gider.
Akyldar zenan öýüni gurýar, akmak aýal bolsa öýüni öz eli bilen ýumurýar.
Ýalta ýer sürmän, orak wagtynda hasyl gözlär, ýöne tapmaz.
Ýaltany öz höwesi öldürýär, çünki onuň elleri işden boýun gaçyrýar.
Çünki içegen we iýegen har düşer, ukuçyllyk bolsa adama ýyrtyk jul geýdirýändir.
Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris.