Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.
Boş we ýaramaz adamlar Ýarobgamyň ýanyna ýygnanyp, Süleýmanyň ogly Rehabgamyň garşysyna çykdylar. Rehabgam ýaş we tejribesiz bolansoň, olar bilen urşup bilmedi.
„Eý, Dawudyň nesli! Reb şeýle diýýär: ‘Ertirine adalaty berjaý ediň, talanany zalymyň elinden halas ediň. Ýogsam pis işleriňiz zerarly gazabym ot kimin lowlap ýandyraýmasyn, ony hiç kim söndürip bilmez.