15 Akylsyzyň zähmeti ony ýadadýandyr, hatda ol şähere gidýän ýoly-da bilýän däldir.
15 Акылсызың зәхмети оны ядадяндыр, хатда ол шәхере гидйән ёлы-да билйән дәлдир.
Ýa Reb, halklar arasynda Saňa şükür ederin, milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, maňa jogap ber.
Eger palta kütek bolsa, ýüzi ýiteldilmese, oňa köpräk güýç sarp etmeli bolýandyr. Danalyk bolsa üstünlige eltýändir.
Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler?
Eý, juwan patyşaly, hökümdarlary ertirine meýlis gurýan ýurt, dat günüňe!
Akylsyz ýolda ýörände-de, düşünjesi kemlik edýändir, ol akmakdygyny hemmelere äşgär edýändir.
Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.
Dogry adamlar ölüp gidýärler, hiç kim muňa üns bermeýär. Takwa adamlar ýogalýarlar, muňa hiç kim düşünmeýär, dogrular betbagtçylykdan gutarylýar.
Ýesirler olary ýaňsylap diýýärler: «Ogurlanan zatlary toplaýanyň dat gününe! Haçana çenli agyr girewleri öz üstüňe aljak?»