Bütin Ysraýylyň halky patyşanyň ýanyna gelip, oňa: «Näme üçin garyndaşlarymyz ýahudalar sizi ogurladylar we patyşany maşgalasy hem adamlary bilen bile Iordan derýasyndan geçirdiler?» diýdi.
Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.
Dördünji gün diýlende, olar Şimşonyň aýalyna: «Adamyňy yr, ol bize mataly çözüp bersin; ýogsam, özüňi-de, kakaňyň öýüni-de otlarys, siz bizi iň soňky zadymyza çenli talap, gedaý goýmak üçin çagyrypmydyňyz?» diýdiler.