Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy.
Onuň akylly ýa-da akylsyz boljakdygyny kim bilýär? Muňa garamazdan, olar Günüň astynda paýhas bilen çeken bütin zähmetime eýelik ederler. Bu-da biderek.
Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir.
Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?
Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar.
Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň, ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar? Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de, hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar.
Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.