Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi.
Efiopiýaly öz teniniň reňkini, gaplaň meneklerini üýtgedip bilermi? Siz hem şonuň ýaly şer işleriňize uýgunlaşansyňyz ýagşylyk etmegi asla bilmeýärsiňiz.