Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy.
Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek.
Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.