Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Гөгүң астында эдилйән әхли затлар барада пайхас билен гөзлег хем барлаг гечирмеги йүрегиме дүвдүм. Ишли болсунлар дийип, бу Худайың ынсанлара берен агыр юмшудыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 1:13
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».


Ynsan garaňkylygyň soňuna çykýar, zulmatda mis agtaryp, tüm garaňkylykda ýeriň aňry çägine ýetýär.


Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar, dogrularyň nesli bereket tapar.


Üzňelikde ýaşaýan öz islänini edýändir, ol ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir.


Paýhasly adam bilim alýandyr, danalygyň gulagy bilim agtarýar.


Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.


Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr, işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.


Danalygyň başy şudur – oňa eýe bol. Bir zat satyn alsaň – paýhas al.


Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim.


Ýeliň ýoluny we göwreli enäniň göwresindäki çaga nädip jan girýänini bilmeýşiň ýaly, sen hemme zady ýaradan Hudaýyň işlerini-de bilýän dälsiň.


Bulardan başga-da, eý, oglum, sak bol. Köp kitap ýazmagyň soňy ýokdur, köp okamak beden üçin argynlykdyr.


Olaryň bütin ömri dertden, zähmeti gussadan doly; ýüregi gijesine-de rahatlanmaýar. Bu-da biderek!


Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Ynsanlara işli bolarlary ýaly Hudaýyň beren işini gördüm.


Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler.


Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.


Men akyldarlygy, soraglarymyň jogabyny bilmäge, agtaryp tapmaga, pisligiň akmaklykdygyny, akmaklygyň telbelikdigini bilmäge ýüregimi gönükdirdim.


Men bularyň hemmesini gördüm, Günüň astynda edilýän ähli işe üns berdim; bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmesi onuň zyýanynadyr.


Bu işlerde yhlasly bol. Imanda ösüşiňi hemmeler görer ýaly, jan-tenden yhlas et.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ