Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Бу сөзлериң бары хакыкатдыр. Худая иман эденлериң ягшылык этмекде илерлемеклери үчин, бу затлары ныгтамагыңы ислейәрин. Бу затлар ынсанлар үчин оңат ве пейдалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 3:8
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi? Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi?


Galp şaýat heläk bolar, diňleýän adamyň sözi dowam eder.


Olara-da: «Siz hem üzümçilige gidiň, hakyňyzy doly tölärin» diýýär. Olar hem gidýärler.


Isa bolsa gaty ses bilen şeýle diýdi: «Maňa iman edýän Maňa däl-de, Meni Iberene iman edýändir.


Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.


Olar oňa: «Sen akylyňdan azaşypsyň» diýdiler. Emma gyz öz diýenini tutup duransoň, olar: «Bu Petrusyň perişdesidir» öýtdüler.


Emma günäkärleri aklaýan Hudaýa iman edýän adam hiç iş etmese-de, iman edýändigi üçin Hudaýyň huzurynda aklanýandyr.


Zeburda: «Iman etdim, şonuň üçin gürledim» diýip ýazylgydyr. Şol imanyň ruhy arkaly biz-de iman edýäris, şonuň üçin-de gürleýäris.


Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin.


Şoňa görä-de: «Isa Mesih günäkärleri halas etmäge geldi» diýen sözler dogry we her jähtden kabul ederlikdir. Şol günäkärleriň iň günäkäri-de mendirin.


Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin.


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.


Ol özüne öwredilen ygtybarly taglymata sadyklyk bilen eýermelidir. Başgalara hem bu taglymata laýyklykda öwüt-ündew berip, oňa garşy çykýanlaryň ýalňyşýandyklaryny subut etmeli.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Ýagşy işleriň bilen olara ähli zatda görelde bol. Taglymaty sap ýürekden agraslyk bilen öwret,


Eý, oglum, imanlylara häli-şindi şulary ýatladyp dur: goý, olar hökümdarlara we ygtyýarlylara gulak asyp, olara tabyn bolsunlar, islendik wagt ýagşylyk etmäge taýyn bolsunlar.


Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler.


Birwagtlar onuň saňa hiç ýardamy ýokdy, emma indi onuň saňa-da, maňa-da ýardamy degýär.


Biri-birimizi söýmäge we oňat işler etmäge höweslendirmek barada pikirleneliň.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ