Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 3:6 - Mukaddes Kitap

6-7 Biz Hudaýyň merhemeti bilen aklanyp, Onuň baky ýaşaýşa umyt baglaýan mirasdüşerleri bolar ýaly, Hudaý bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly Mukaddes Ruhy boldan-bol eçildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6-7 Биз Худайың мерхемети билен акланып, Онуң бакы яшайша умыт баглаян мирасдүшерлери болар ялы, Худай бизе Халасгәримиз Иса Месих аркалы Мукаддес Рухы болдан-бол эчилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 3:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.


Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.


Emma Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim siziň üçin bähbitdir. Men gitmesem, Hemaýatçy size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin.


Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.


Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar.


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.


Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Iňňän pes göwünli hem ýumşak boluň. Sabyr-takatly bolup, mähir-muhabbet bilen biri-biriňize çydaň.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Eý, Titus, imanymyzyň bir bolandygy üçin, men seni hakyky oglum saýýaryn. Goý, Atamyz Hudaýyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy saňa ýar bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ