Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 3:3 - Mukaddes Kitap

3 Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Бирвагтлар биз хем аң-дүшүнҗесиз, бойнуёгын болуп, ёлдан азашыпдык, дүрли хөвеслериң, кейпи-сапаның гулларына өврүлипдик, гахарҗаңдык, гөрипдик ве бирек-биреги йигренйәрдик.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 3:3
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi.


Soňra ol Ýusubyň jenaby gelýänçä, onuň eşigini öz ýanynda saklady.


Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar.


Nadanlar, akylly boluň! Siz, akmaklar, akylyňyza aýlanyň.


Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.


Emma ol: „Gitjek däl!“ diýip jogap berýär. Ýöne soňrak muňa gaýtmyşym edip, ol ýere gidýär.


Isa: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ we „Wagt golaýlady!“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size dogrusyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr.


Siz hem birwagtlar Hudaýa tabyn däldiňiz. Emma ysraýyllaryň bitabynlygy arkaly Hudaýyň size merhemet edişi ýaly,


Siz pany teniňiziň günäli höweslerine eýermez ýaly, günäniň öz teniňize höküm sürmegine ýol bermäň.


Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,


Ýöne indi günäniň ygtyýaryndan azat edilip, Hudaýyň guly bolduňyz. Munuň netijesi halal ýaşamaklyk, soňy bolsa baky ýaşaýyşdyr.


Biz mundan beýläk günäniň guly bolmaz ýaly, köne tebigatymyzyň Isa Mesih bilen haça çüýlenendigini bilýäris. Biz indi günäniň boýuntyrygyndan boşandyk.


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr.


Siz birwagtlar eden pis işleriňiz sebäpli pikiriňizde Hudaýdan üzňediňiz, Oňa duşmandyňyz.


Siz hem birwagtlar bularyň arasynda ýaşanyňyzda şeýle edipdiňiz.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Olar adamlaryň öýlerine sümlüp girýärler. Günäleri başyndan agdyk, her tüýsli höweslere meýilli, ýeňles aýallary öz tarapyna çekýärler. Bu aýallar hemişe öwrenmäge synanyşsalar-da, hakykat bilimine asla ýetip bilmeýärler.


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär.


Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.


Gulak asyjy çagalar deý boluň, ozalky nadan döwrüňizdäki höwesleriňize eýermäň.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ