Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Hiç kimi ýamanlamasynlar, dawa-jenjelden gaça durup, mylaýym we hemmelere ýumşak bolsunlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Хич кими яманламасынлар, дава-җенҗелден гача дуруп, мылайым ве хеммелере юмшак болсунлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 3:2
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň, Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.


Gaty gaharjaň adam jeza çeker, eger ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň.


Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak gowudyr.


ýalan ýagdyrýan galp şaýady, doganlar arasynda dawa döredýän adamy.


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.


Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Ýogsam Mukaddes Ýazgylarda hem: „Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme“ diýip ýazylan» diýdi.


ne-de ogry-jümrüler, ne betnebisler, ne-de arakhorlar, ne paýyş sögünýänler, ne-de kezzaplar – şularyň biri-de Hudaýyň Şalygyny miras almaz.


Men azat bolsam-da, her kesi gazanjak bolup, hemmeleriň guly boldum.


Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip,


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň.


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Iňňän pes göwünli hem ýumşak boluň. Sabyr-takatly bolup, mähir-muhabbet bilen biri-biriňize çydaň.


Her hili öýke-kine, gahar-gazap, paýyş sözler aýtmak we töhmet atmak ýaly ýigrenji häsiýetler sizden daş bolsun.


Goý, ýumşaklygyňyz hemmelere belli bolsun. Reb ýakyndyr.


Biz Mesihiň resullary hökmünde size agram salyp, gopbamsyrap hem bilerdik. Emma biz araňyzda bir gara ýer kimin gezdik, sizi enäniň öz balasyny söýşi dek söýdük.


Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçy aýallary hem hormatlanýan, gybat etmeýän, tersine, özlerine erk edýän we her zatda ynamdar bolmalydyr.


şeraba höwesjeň däl, zalym däl-de, mylaýym, dawa-jenjelden gaça durýan, pula gyzmaýan adam bolmalydyr.


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir.


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


Çünki: «Döwran sürmegi isleýän bolsaň, ýagşy günleri görmekçi bolsaň, ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy;


Şeýlelikde, hemmäňiz pikirdeş, dertdeş bolup, biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň. Rehim-şepagatly we pespäl boluň.


Indi bolsa şol öňki butparazlyk edýänler siziň özleri bilen bile azgyn zynahorlyga goşulmaýandygyňyza geň galyp, size sögýärler.


Aýratyn-da haram höweslerine kowalaşyp, Onuň hökmürowanlygyny äsgermeýänleri-de näme etjegini Ol bilýändir. Beýle adamlar batyrsyraýarlar, tekepbirlenýärler we gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.


Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär.


Muňa garamazdan, araňyza sümlüp giren bu adamlar gören düýşlerine daýanyp, öz bedenlerini haramlaýarlar. Hudaýyň hökmürowanlygyny ret edýärler, gökdäki perişdelere sögýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ