Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 3:14 - Mukaddes Kitap

14 Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Бизиңкилер хем мивесиз өмүр сүрмез ялы, мәтәчлере ярдам бермек аркалы ягшылык этмеги адат эдинсинлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 3:14
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady.


Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr.


Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.


Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar.


Olar hem Pawlus ýaly çadyr tikmek bilen meşgullanýardylar, şonuň üçin Pawlus olar bilen ýaşap, bile işledi.


Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».


Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.


Men olaryň maddy kömegini Iýerusalime ýetirip, bu işi bitirenimden soň, siziň üstüňiz bilen Ispaniýa ugramakçy.


Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin.


Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.


Siz hatda Saloniki şäherinde mätäçlik çeken döwrümde-de maňa gaýta-gaýta kömegiňizi ýetiripdiňiz.


Men muny peşgeşleriňize hantama bolanym üçin aýtmaýaryn. Men siziň bähbidiňiziň artmagyny isleýärin.


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


Eziz doganlarym! Biziň çeken agyr zähmetimiz, gören görgülerimiz ýadyňyzdadyr. Hoş Habary size wagyz eden döwrümizde hiç kime agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik.


hiç kimiň çöregini mugt iýmedik. Gaýtam, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işläp, zähmet çekdik.


sözleriň müýnsüz we şübhesiz bolsun. Şonda bize garşy çykýanlar ýamanlamaga gep tapman, utanja galarlar.


Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.


Şu gowy häsiýetler sizde bar bolsa we köpelse, onda siz Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem hasylsyz galmarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ