Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýagşy işleriň bilen olara ähli zatda görelde bol. Taglymaty sap ýürekden agraslyk bilen öwret,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Ягшы ишлериң билен олара әхли затда гөрелде бол. Таглыматы сап йүрекден аграслык билен өврет,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 2:7
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


Ýok, bu buýruk däl. Beýleki ýygnaklaryň yhlasy barada aýtmak bilen, siziň söýgiňiziň näderejede hakykydygyny barlasym gelýär.


Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň baryna Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!


Çünki men siziň möhüm zatlary saýgaryp, Isa Mesihiň geljek gününde päk we müýnsüz bolmagyňyzy isleýärin.


Biziň sizden ýardam almaga hakymyz bolsa-da, ony talap etmedik. Sebäbi göreldämize eýerip bileriňiz ýaly, muny size nusga bolmak üçin etdik.


Ýaşdygyň üçin saňa hiç kim äsgermezlik etmesin. Sen hem sözde, ýaşaýyşda, söýgüde, imanda we päklikde iman getirenlere görelde bol.


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.


Gol astyňyzdakylara agalyk etmezden, ýagşy görelde görkeziň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ