Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.
Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.
Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».
Sinagogadaky halk gidenden soň, ýahudylaryň we ýahudy dinini kabul edenleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabyň yzyna düşdüler. Pawlus bilen Barnap olara hemişe Hudaýyň merhemeti bilen ýaşamaklaryny öwüt-nesihat etdiler.
Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.
Ýöne men şuny soramakçy: eýsem ysraýyl halky Hoş Habary eşitmedimi? Elbetde, eşitdi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri».
Emma Hudaýyň peşgeş beren merhemetini Adam atanyň günäsi bilen deňeşdirip-de bolmaz! Çünki bir adamyň günäsi köpleri ölüme duçar etdi; başga bir Adamyň, ýagny Isa Mesihiň merhemeti arkaly bolsa köpler Hudaýyň bu peşgeşini boldan-bol aldy.
Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris.
Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.
Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.
Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.
Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.
Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.