Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 2:10 - Mukaddes Kitap

10 zat ogurlamasynlar, gaýtam her zatda örän wepaly bolsunlar. Şeýdip, olar Halasgärimiz Hudaýyň taglymatynyň her jähtden ajaýypdygyny tassyklarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 зат огурламасынлар, гайтам хер затда өрән вепалы болсунлар. Шейдип, олар Халасгәримиз Худайың таглыматының хер җәхтден аҗайыпдыгыны тассыкларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 2:10
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iňňildimiň zaryndan ýaňa, meniň derim süňklerime ýapyşýar.


Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».


Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Şunlukda, çaga ösýärdi we ruhy taýdan güýçlenýärdi. Ol ysraýyl halkyna görünmeli günlerine çenli çölde ýaşady.


Az zatda ynamdar bolan köp zatda hem ynamdardyr, az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar bolup bilmez.


Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi.


Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň.


Halasgärimiz Hudaýyň we umydymyz bolan Isa Mesihiň buýrugyna görä Onuň resuly men Pawlusdan


Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.


Hudaýyň adyna we öwredýän taglymatymyza dil ýetmez ýaly, gulçulyk boýuntyrygy astyndakylaryň bary öz hojaýynlaryny hormata mynasyp saýsyn.


Eger kimde-kim meniň öwredenlerimden özgesini öwretse, Rebbimiz Isa Mesihiň sagdyn taglymatyny ýalan saýyp, Hudaýyň ýörelgesine laýyk bolan taglymaty oňlamaýan bolsa,


ony Hoş Habar arkaly Öz bellän wagtynda aýan etdi. Halasgärimiz Hudaý bu Hoş Habaryny wagyz etmegi maňa tabşyrdy.


Emma Halasgärimiz Hudaýyň mähremligi, ynsana bolan söýgüsi äşgär bolanda,


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.


Ýoluny urduryp, Mesih hakdaky taglymatdan daşlaşan adamda Hudaý ýokdur. Emma bu taglymat boýunça ýaşaýan adamda Ata-da, Ogul-da bardyr.


Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.


Reb her kimi öz adalatlylygy hem-de wepalylygy üçin sylaglaýandyr. Şu gün Reb seni meniň elime berdi, ýöne men Rebbiň seçip-saýlan adamyna el götermek islemedim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ