Eger kimde-kim meniň öwredenlerimden özgesini öwretse, Rebbimiz Isa Mesihiň sagdyn taglymatyny ýalan saýyp, Hudaýyň ýörelgesine laýyk bolan taglymaty oňlamaýan bolsa,
Ol özüne öwredilen ygtybarly taglymata sadyklyk bilen eýermelidir. Başgalara hem bu taglymata laýyklykda öwüt-ündew berip, oňa garşy çykýanlaryň ýalňyşýandyklaryny subut etmeli.
Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.
Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.