Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Ol özüne öwredilen ygtybarly taglymata sadyklyk bilen eýermelidir. Başgalara hem bu taglymata laýyklykda öwüt-ündew berip, oňa garşy çykýanlaryň ýalňyşýandyklaryny subut etmeli.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ол өзүне өвредилен ыгтыбарлы таглымата садыклык билен эермелидир. Башгалара хем бу таглымата лайыклыкда өвүт-үндев берип, оңа гаршы чыкянларың ялңышяндыкларыны субут этмели.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 1:9
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi.


Dogrulygymy pugta saklaryn, goýbermen, ömürboýy paş etmez meni wyždanym.


Hakykaty satyn al, ony satma. Danalygy, öwüdi, paýhasy hem satyn al.


Ol Mukaddes Ýazgylar esasynda Isanyň Mesihdigini subut edip, ýahudylaryň nähakdygyny halkyň öňünde aç-açan paş edýärdi.


Emma iman etmedik ýa-da düşünmeýäniň biri pygamberlik aýdylyp durka gelse, ol hemmeler tarapyndan paş edilip, höküm edilýändigini eşider.


Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, indi imanda berk duruň! Bizden söz ýa hat arkaly öwrenen taglymatyňyza berk ýapyşyň.


zynahorlar, biri-biri bilen ýatýan erkekler, gul söwdagärleri, ýalançylar, ähtiýalanlar, umuman, sagdyn taglymata garşy çykýanlaryň ählisi üçindigini bilýäris.


Şoňa görä-de: «Isa Mesih günäkärleri halas etmäge geldi» diýen sözler dogry we her jähtden kabul ederlikdir. Şol günäkärleriň iň günäkäri-de mendirin.


imanda berk durup, ynsabyňy päk sakla. Käbir adamlar ynsaplaryny ýuwudandygy üçin, imanlary gaýa urlan gämi kimin çym-pytrak boldy.


Bu wada ygtybarlydyr, her jähtden kabul ederlikdir.


Eger kimde-kim meniň öwredenlerimden özgesini öwretse, Rebbimiz Isa Mesihiň sagdyn taglymatyny ýalan saýyp, Hudaýyň ýörelgesine laýyk bolan taglymaty oňlamaýan bolsa,


Saňa öwreden dogry taglymatymy nusga hökmünde gaýym tutup, Isa Mesihiň berýän imanyna we söýgüsine eýer.


Köp şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek ygtybarly adamlara tabşyr.


Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,


Emma sen öz öwrenen we ynanýan taglymatyňa sadyk gal. Çünki ony kimlerden öwrenendigiňi bilýänsiň.


Çünki adamlaryň sagdyn taglymaty diňläsi gelmejek zamanasy geler. Şonda olar öz höweslerine ýaraşykly, gulaklaryna-da ýakymly sözleri aýtjak öwredijileri gözlärler.


Olaryň agzyny baglamak gerek. Çünki olar ýygnaklarda öwretmesiz zatlary öwredip, maşgalalary bütinleý dargadýarlar. Iň erbedi-de, olar bulary pul gazanmak üçin öwredýärler.


Sen bolsa sagdyn taglymata laýyk gelýän zatlary öwret.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


Men basym bararyn. Täjiňi hiç kim almaz ýaly, imanda berk dur.


Eşidenleriňi we öwrenenleriňi ýada sal, olary berjaý et-de toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly bararyn. Meniň haýsy sagatda üstüňe barjagymy-da bilmän galarsyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ