Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 1:8 - Mukaddes Kitap

8 eýsem myhmansöýer, ýagşylyk etmäge höwesjeň, parasatly, adalatly, takwa, nebsine buýrup bilýän bolmalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 эйсем мыхмансөер, ягшылык этмәге хөвесҗең, парасатлы, адалатлы, таква, небсине буйруп билйән болмалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 1:8
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy.


Hiram Süleýmanyň sözlerini eşidende, gaty şatlanyp: «Bu uly halkyň üstünden patyşalyk eder ýaly, Dawuda şeýle akyl-paýhasly ogul beren Rebbe bu gün alkyş bolsun» diýdi.


Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi.


Pawlus dogrulyk, özerklilik hem geljek höküm hakda söhbet edende, Feliks gorkup: «Boldy, häzirlikçe git, amatly pursat gelende, ýene seni çagyrdaryn» diýdi.


Siz imanlylar babatda biziň ahlak taýdan päk, dogruçyl we hiç bir aýypsyz bolandygymyza özüňiz şaýatsyňyz. Muňa Hudaý-da şaýatdyr.


Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,


Ýaşdygyň üçin saňa hiç kim äsgermezlik etmesin. Sen hem sözde, ýaşaýyşda, söýgüde, imanda we päklikde iman getirenlere görelde bol.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Ýaşlyk höweslerinden gaç. Päk ýürekden Rebbe ybadat edýänler bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk ýörelgelerine eýer.


doňýürek, geçirimlilik etmeýän, myjabatçy, özüne erk edip bilmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän,


Ýagşy işleriň bilen olara ähli zatda görelde bol. Taglymaty sap ýürekden agraslyk bilen öwret,


Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr.


Isanyň Mesihdigine ynanýan her bir adam Hudaýyň perzendidir. Atany söýýän adam Onuň perzendini-de söýýändir.


Şawul bilen Dawut gepleşip boldular. Şondan soň Dawudy Şawulyň ogly Ýonatanyň sulhy aldy. Ýonatan ony janyndan hem eziz gördi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ