Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýygnaga ýolbaşçy belleniljek adam müýnsüz we aýalyna biwepalyk etmeýän bolmalydyr. Onuň çagalary hem iman edýän, azgynlykda, bitabynlykda aýyplanmaýan bolmalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Йыгнага ёлбашчы белленилҗек адам мүйнсүз ве аялына бивепалык этмейән болмалыдыр. Онуң чагалары хем иман эдйән, азгынлыкда, битабынлыкда айыпланмаян болмалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 1:6
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Düşünjeli ogul kanuny saklaýar, horanlar bilen ýoldaş bolan atasyna ysnat getirer.


Olar dul we talagy berlen aýala öýlenmän, diňe Ysraýyl neslinden bolan boý gyza ýa-da başga ruhanydan dul galan aýala öýlensinler.


Baş ruhany dula, ärinden aýrylana, azana ýa-da loly aýala öýlenmesin. Ol halkynyň arasynda öz perzendiniň adyna ysnat getirmez ýaly, diňe öz tiresinden bolan gyza öýlensin. Çünki Men-Reb ony mukaddes edýändirin“».


Olar lola, azgyn aýala, ärinden aýrylan aýala öýlenmesinler. Çünki ruhanylar Hudaýa bagyş edilendir.


Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.


Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi.


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň.


Mundan başga-da, bu Kanunyň dogry adamlar üçin däl-de, ony bozýanlar we bitabynlar, hudaýsyzlar we günäkärler, adamlary sylamaýanlar we imansyzlar, ata-enesini öldürýänler, ganhorlar,


Ýygnagyň hyzmatçylary öz aýallaryna biwepalyk etmeýän, çagalaryny we öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolsunlar.


Sebäbi pitneçiler, ýaňralar we kezzaplar diýseň köpdür. Şeýle adamlar, esasan-da, halas bolmak üçin sünnet edilmelidigini ündeýänleriň arasynda bardyr.


Soňra Elkana öýüne – Rama dolandy. Şamuwel bolsa Rebbe gulluk etmek üçin, Eliý ruhanynyň ýanynda galdy.


Eliý juda garrapdy. Öz ogullarynyň ysraýyllar bilen nähili daraşýandyklaryny, olaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň gapysynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatýandyklaryny ol eşitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ