Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 1:5 - Mukaddes Kitap

5 Saňa buýruşym ýaly, tamamlanylmadyk işleri bitir, her şäherdäki imanlylar ýygnagyna ýolbaşçylary belle. Ine, hut şu maksat bilen men seni Krit adasynda goýup gaýdandyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Саңа буйрушым ялы, тамамланылмадык ишлери битир, хер шәхердәки иманлылар йыгнагына ёлбашчылары белле. Ине, хут шу максат билен мен сени Крит адасында гоюп гайдандырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 1:5
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bular Süleýman Iýerusalimde Rebbiň öýüni gurýança, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň öňünde nagma aýtdylar. Olar bellenilen düzgünler boýunça hyzmata durdular.


Wagyzçy dana bolmakdan başga-da halka bilim hem öwretdi. Ol gözleg geçirip, öwrenip, köp pähimleri ýerli-ýerinde goýdy.


Maňa meňzeýän barmy? Ol aýan etsin, gadymy halky berkarar edelim bäri bolup geçenleri aýdyp bersin ol; geljek zatlary yglan etsin, indi boljak zatlary habar bersin.


Aýrylan daşlaryň ýerine başga daşlar örülip, öý täzeden suwalsyn.


Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.


Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar.


Käbirimiz Krit adasyndan we Arabystandan geldik. Muňa garamazdan, Hudaýyň beýik işleri barada olaryň biziň ene dilimizde gepleýändigini eşidýäris».


Ýöne düşelgede gyşlamaga hiç hili şert bolmansoň, adamlaryň köpüsi, başartsa, bu ýerden Fenikse ýetip, gyşy ol ýerde geçirmegi karar etdiler. Feniks Krit adada ýerleşip, günorta-günbatar we demirgazyk-günbatar tarapdan öwüsýän şemallardan penady.


Şeýlelikde, günorta şemaly ýuwaşja öwüsmäge başlanda, olar öz maksatlaryna ýetendiris öýtdüler. Şonuň üçin labyry çekdiler-de, Krit adanyň golaýy bilen ýola düşdüler.


Hiç kim uzak wagtlap hiç zat datmady. Şonda Pawlus gämidäkileriň ortasynda durup, şeýle diýdi: «Eý, adamlar! Meniň aýdanlaryma gulak asyp, Krit adadan gaýtmadyk bolsadyňyz, onda bu bela-betere sataşmazdyk.


Biz ençeme günläp haýal ýüzüp, kynçylyk baryny görüp, Knidos şäherine ýetdik. Şemalyň bize garşy öwüsýändigi üçin, Salmon ýarym adasynyň ýanyndan geçip, Krit adasyny penalap, ýüzüp gitdik.


Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.


Emma hemme zat mynasyp tärde we tertip bilen bolsun.


Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.


Sebäbi men araňyzda bolmasam-da, ýüregimde siziň bilendirin. Siziň tertip-düzgünlidigiňizi, Mesihe bolan berk imanyňyzy görüp şatlanýaryn.


Men Makedoniýa ugranymda, Efes şäherinde galmagyňy haýyş edipdim. Sen ol ýerdäki adamlaryň käbirine ýalan taglymatlary ýaýratmazlygy buýur.


Köp şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek ygtybarly adamlara tabşyr.


Olaryň bir akyldary şeýle diýipdir: «Krit adasynyň halky elmydama ýalan sözleýär; olar ýyrtyjy haýwanlar, asla garny doýmaýar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ