Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Olaryň agzyny baglamak gerek. Çünki olar ýygnaklarda öwretmesiz zatlary öwredip, maşgalalary bütinleý dargadýarlar. Iň erbedi-de, olar bulary pul gazanmak üçin öwredýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Оларың агзыны багламак герек. Чүнки олар йыгнакларда өвретмесиз затлары өвредип, машгалалары бүтинлей даргадярлар. Иң эрбеди-де, олар булары пул газанмак үчин өвредйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 1:11
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogry adam Rebde şatlansyn, goý, ol Rebbi özüne pena edinsin; ýüregi dogrularyň bary magtansyn.


Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes hile bilen gün görýär. Şonuň üçin aýallaryny başgalara, melleklerini talaňçylara bererin.


Bir gysym arpa we bir döwüm çörek üçin halkymyň arasynda Maňa ysnat getirdiňiz. Ýalana gulak asýan halkyma ýalan sözlemek bilen ölüme laýyk däl janlary öldürdiňiz, ölüme laýyk janlara bolsa ýaşajakdyklaryny yglan etdiňiz“.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Halkymy azaşdyryp, özlerini doýurýanlara asudalyk diläp, doýurmaýanlara-da uruş yglan edýän pygamberler hakynda Reb şeýle diýýär:


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.


Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Mesihiň mendäki hakykatyndan ant içýärin: Ahaýa sebitlerinde ýaşaýanlaryň biri-de meni bu magtanmadan mahrum edip bilmez!


Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar.


Emma dul aýalyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler. Goý, olar ozal özleri barada alada eden ene-atalaryna hormat goýsunlar. Çünki bu Hudaýyň halaýanydyr.


Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.


hakykat ýolundan azaşandyrlar. Olar direliş eýýäm amala aşdy diýip, käbir adamlaryň imanyny weýran edýärler.


Olar adamlaryň öýlerine sümlüp girýärler. Günäleri başyndan agdyk, her tüýsli höweslere meýilli, ýeňles aýallary öz tarapyna çekýärler. Bu aýallar hemişe öwrenmäge synanyşsalar-da, hakykat bilimine asla ýetip bilmeýärler.


Ýygnagyň ýolbaşçysy Hudaýa hyzmat edýär. Şoňa görä-de, ol müýnsüz bolmalydyr. Ol özdiýenli, gyzma, şeraba meýilli, uruşgan bolmaly däl, gara nebsine çapman,


Ol özüne öwredilen ygtybarly taglymata sadyklyk bilen eýermelidir. Başgalara hem bu taglymata laýyklykda öwüt-ündew berip, oňa garşy çykýanlaryň ýalňyşýandyklaryny subut etmeli.


Agzalalyk döredýän adama birki gezek öwüt-nesihat ber. Emma şonda-da pälinden gaýtmasa, ondan gaça dur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ