Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Titus 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Sebäbi pitneçiler, ýaňralar we kezzaplar diýseň köpdür. Şeýle adamlar, esasan-da, halas bolmak üçin sünnet edilmelidigini ündeýänleriň arasynda bardyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Себәби питнечилер, яңралар ве кеззаплар дийсең көпдүр. Шейле адамлар, эсасан-да, халас болмак үчин сүннет эдилмелидигини үндейәнлериң арасында бардыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Titus 1:10
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Petrus Iýerusalime gelende, ýahudy imanlylar onuň bilen dawalaşyp:


Ýahudyýadan birnäçe adam Antiýoha gelip, doganlara: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredýärdiler.


Biziň eşidişimize görä, aramyzdan käbirleri baryp, öz sözleri bilen sizi howsala salyp, aňyňyzy bulaşdyrypdyrlar. Emma olary biz ibermedik.


Men gidenimden soňra, araňyza ýyrtyjy möjekleriň geljegini bilýärin, olar sürini aýap goýmazlar.


Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.


Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Goý, olar gadymy rowaýatlara, tükeniksiz nesil şejerelerine ýykgyn etmesinler. Bular dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolup, Hudaýyň tabşyrygynyň iman arkaly amala aşyrylmagyna päsgel berýändir.


Käbir adamlar mundan dänip, howaýy gürrüňlere baş urdular.


Mundan başga-da, bu Kanunyň dogry adamlar üçin däl-de, ony bozýanlar we bitabynlar, hudaýsyzlar we günäkärler, adamlary sylamaýanlar we imansyzlar, ata-enesini öldürýänler, ganhorlar,


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Olar hakykata gulak asman, toslamalaryň yzynda selpärler.


Ýygnaga ýolbaşçy belleniljek adam müýnsüz we aýalyna biwepalyk etmeýän bolmalydyr. Onuň çagalary hem iman edýän, azgynlykda, bitabynlykda aýyplanmaýan bolmalydyr.


Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.


Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris.


«Hudaýy tanaýaryn» diýibem, Onuň buýruklaryny berjaý etmeýän adam ýalançydyr, onda hakykat ýokdur.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Ýöne şu edýänleriňi welin oňlaýaryn: sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň. Men hem olary ýigrenýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ