Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, milletlere päk dil bererin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Мен шонда хеммелериң Маңа ыбадат эдип, агзыбирлик билен Маңа гуллук эдерлери ялы, миллетлере пәк дил берерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 3:9
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Tutuş ýer ýüzünde bir dil, birmeňzeş sözler bardy.


Şisden hem bir ogul doguldy; ol onuň adyna Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap adamlar Rebbe ybadat edip başladylar.


Deňiz görüp, ökje göterdi, Iordan derýasy ters ugra akdy.


Şol gün Müsürde bäş şäher kengan dilinde gepläp, Hökmürowan Rebden ant içerler. Olaryň biri Heläkçilik Şäheri diýip atlandyrylar.


Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».


Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň».


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Bir taýak bolar ýaly, olary biri-birine sepleşdir, olar seniň eliňde bir bolar».


Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin, bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.


Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.


Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr.


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ