Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Мунуң үчин Реб шейле диййәр: «Сиз Маңа гарашың, халклара хөкүм этҗек гүнүме ченли гарашың. Чүнки Мениң карарым миллетлери топлап, патышалыклары бир ере җемләп, гахарымы, ловлаян газабымы башларындан индермекдир. Габанҗаң газабымың оды бүтин дүнйәни якып күл эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 3:8
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.


Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,


Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.


Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury.


Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.


Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?


Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň, gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.


«Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni halas eder.


Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.


Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur.


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Reb milletlere gaharlanýar, goşunlaryna garşy gazaby tutaşýar, olary bütinleý ýok eder, ölüme berer.


Gaharyma halklary aýak astyna aldym, gazabyma olary serhoş etdim, ganlaryny ýere dökdüm».


Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.


Indi sen Hudaýyň kömegi bilen oňa dolan. Sadyk söýgini we adalatlylygy saklap, hemişe öz Hudaýyňa umyt baglap göz dik.


Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,


Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.


Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.


Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.


Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalarydyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar».


Ähli milletler Onuň huzuryna ýygnanarlar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar.


Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.


Şondan soň men ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.


Bular alamatlar görkezip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular Hökmürowan Hudaýyň beýik gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ