Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Men diýdim: «Siz Menden gorkuň, öwüt-ündew alyň! Şonda mesgenleri ýok edilmez, jezalarym başlaryndan inmez». Emma olar öňküleri ýaly, ähli işlerinde pislikden lezzet aldylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Мен дийдим: «Сиз Менден горкуң, өвүт-үндев алың! Шонда месгенлери ёк эдилмез, җезаларым башларындан инмез». Эмма олар өңкүлери ялы, әхли ишлеринде писликден леззет алдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 3:7
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň azgynçylyga ýüz urandygyny gördi.


Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler.


Öwüt-ündewini diňledip, pislikden dönmekligi buýurýar.


Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.


Ahyr akylly bolaryň ýaly, nesihata gulak goý, öwüdi kabul et.


Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men? Edilmän galdyrylan iş barmy? Hasylyna garaşanymda, näme üçin ýabany üzüm berdi?


Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym, Meni aldamajak ogullardyr» diýdi. Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.


Emma olar Meni diňlemediler, gulak asmadylar. Boýnuýogynlyk edip, Meni diňlemediler, terbiýämi almadylar».


Olar size şeýle diýdiler: „Indi her biriňiz öz ýaman ýoluňyzdan, pis işleriňizden dönüp, Men-Rebbiň owal-başdan özüňize we ata-babalaryňyza ebedilik beren ýurdumda mesgen tutuň.


Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».


Onsoň Ýermeýa Sidkiýa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barsaň, janyň diri galar we bu şäher oda ýakylmaz, öý-içeriň bilen bile diri galarsyň.


Eý, Iýerusalim, akylyňa aýlan, ýogsam Men senden ýüz öwrerin. Seni harabaçylyga, ilatsyz bir ýurda öwrerin».


onda Men sizi bu ýerde, owaldan ata-babalaryňyza baky hem ebedilik beren ýurdumda ýaşadaryn.


Men üns berip diňledim, dogrusyny aýtmaýar olar. Hijisi: „Bu edenim näme?“ diýip, öz pisligine toba etmeýär. Söweşde çapýan at kimin hersi öz ýoluna ýortýar.


Gibga günlerinde bolşy ýaly, Olar agyr heläkçilige düşdüler. Ol etmişlerini ýatlar. Olaryň etmişlerine görä jeza bar.


Ol söze gulak asmady, öwüt almady, Rebbe bil baglamady, Hudaýyna ýakynlaşmady.


Özüňiz üçin but ýasap, azgynçylyga baş urmaň. Erkek ýa aýal şekilinde, ýerdäki haýwan, howada uçýan ganatly guş, ýerde süýrenýän süýreniji şekilinde, ýerden aşakdaky suwlarda ýaşaýan balyk şekilinde özüňize hiç hili but ýasamaň.


Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.


Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ