Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 3:6 - Mukaddes Kitap

6 Reb şeýle diýýär: «Gyrdym Men halklary, diňlerini weýran etdim, köçelerini harap etdim, ondan ötüp-geçýän ýokdur. Şäherleri harabalyga öwrüldi, ýekeje ynsan-da galmady».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Реб шейле диййәр: «Гырдым Мен халклары, диңлерини вейран этдим, көчелерини харап этдим, ондан өтүп-гечйән ёкдур. Шәхерлери харабалыга өврүлди, екеҗе ынсан-да галмады».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 3:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur.


Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Muňa düşüner ýaly paýhasly biri barmydyr? Muny yglan eder ýaly Rebbiň sözlän kişisi kim? Näme üçin ýurt weýran bolup, içinden hiç kim geçmez ýaly, çöl kimin boşap ýatyr?


Men siziň galalaryňyzy haraba öwrüp, siziň seždegähleriňizi ýer bilen ýegsan ederin, ýakymly ysly sadakalaryňyzy kabul etmerin.


Deňiz ýakasynda ýaşaýan Keret halkynyň dat gününe! Eý, Kengan, piliştliler ýurdy, Reb seniň garşyňa şeýle diýýär: «Ýeke kişini-de galdyrman, seni weýran ederin».


Şeýdip, Men olary tanamaýan-bilmeýän milletleriň arasyna harasat bilen dargatdym. Olaryň taşlap giden ýurduny harabaçylyga öwürdim. Ol ýerde janly-jemende galmady; ne gözel ýurt tozap galdy“».


Bularyň bary başgalara sapak bolsun diýip, ata-babalarymyzyň başyndan indi. Bu zamanyň ahyrky günlerinde ýaşaýanlara, ýagny bize duýduryş hökmünde ýazyldy.


Biz hem ata-babalarymyz deý ýüreklerimizi ýamanlyga ýykgyn etmez ýaly, bularyň bary bize duýduryşdyr.


Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ