Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Şol gün Iýerusalime şeýle diýler: «Gorkma, eý, Sion, elleriň gowşamasyn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Шол гүн Иерусалиме шейле дийлер: «Горкма, эй, Сион, эллериң говшамасын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 3:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, sen köplere tälim berdiň, ejizlere medet berdiň.


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Seni ýaradan, ýatgyda size şekil beren Men Reb gepleýärin. Gorkma, eý, bendäm Ýakup, ýagny saýlanym Ýeşurun!


Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.


Eý, toprak, gorkmagyn, şatlan hem begen. Sebäbi Reb etdi beýik işleri!»


Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»


Emma Men şu günlerde Iýerusalime hem-de Ýahuda ýene ýagşylyk etmegi ýüregime düwdüm. Gorkmaň!


Ertesi gün baýramçylyga gelen uly mähelle Isanyň Iýerusalime gelýänini eşitdi.


Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.


Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.


Şonuň üçin hem, ugruňyzda çekýän gaýgy-hasratlarym sebäpli siziň ruhdan düşmezligiňizi haýyş edýärin. Gaýtam, bular size şöhrat getirýändir.


Şonuň üçin ejiz gollara gujur beriň, epilen dyzlara kuwwat beriň!


Sen gaýratlysyň, Meniň ugrumda köp muşakgatlara çydadyň, ruhdan düşmediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ