Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 3:15 - Mukaddes Kitap

15 Reb siziň garşyňyza jezany ýatyrdy, duşmanlaryňyzy kowdy. Ysraýyl patyşasy Reb siziň araňyzda, mundan beýläk betbagtçylykdan gorkmarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Реб сизиң гаршыңыза җезаны ятырды, душманларыңызы ковды. Ысрайыл патышасы Реб сизиң араңызда, мундан бейләк бетбагтчылыкдан горкмарсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 3:15
48 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rahel göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Hudaý meniň aýybymy aýyrdy.


Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin!


Olar büdrär hem-de ýykylar, biz bolsa turarys hem dik durarys.


Ýa Taňry, maňa merhemet eýle, men uzakly gün Saňa perýat edýärin.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär: «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň.


Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.


Dogrulykda berkarar edilersiň, sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň; howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.


Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.


Iýerusalim üçin şatlanaryn, halkym üçin begenerin. Indi ne agy sesi ne-de ahy-nala eşidiler ol ýerde.


Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»


«Men-Reb ol ýerde bolsam-da, sen „Bu iki millet, bu iki ýurt biziňki bolar, biz ony eýeläris“ diýdiň.


Indi hiç haçan milletleriň gyjalatyny saňa eşitdirmerin; sen gaýdyp halklaryň kemsitmelerini çekmersiň we öz milletleriň büdremegine sebäp bolmarsyň». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.


«Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Sionda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.


«Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.


Liwanda eden sütemiňiz öz başyňyza geler, gyran haýwanlaryňyz sizi uly howpa salar. Çünki siz ynsan ganyny dökdüňiz, ýurtlara, şäherlere, ilatyna sütem etdiňiz.


Köp milletleri talandygyňyz üçin, ynsanlaryň ganyny döküp, ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, halklaryň aman galanlary sizi talarlar.


Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».


Iýerusalimiň içinde bolan Reb dogruçyldyr, Ol hiç haçan adalatsyzlyk etmez. Her gün ir säher bilen adalatly garaýar Ol Öz halkyna, Emma pis kişi pisligini edip, utanmany bilmeýär.


Şol gün Men Iýerusalimi ähli milletler üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli milletleri birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.


Iýerusalimde adamlar ýaşar, ol indiden beýläk ýok edilmez. Şäher howpsuz bolar.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Pilat bir tagtanyň ýüzüne ýazgy ýazdyryp, ony haçyň ýokarsyndan asdyrdy. Tagtada: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY NASYRALY ISA» diýlip ýazylandy.


Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin.


Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


Şoňa görä, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, gije-gündiz Onuň ybadathanasynda Oňa hyzmat edýärler. Tagtda Oturan olary Öz penasynda saklaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ