Emma indi Hudaýymyz Reb bize, aman galan halka az salymlyk rehim etdi we Öz mukaddes mekanynda orun berdi. Gözümizi nurlandyryp, gulçulygymyzda bize biraz ýeňillik berdi.
Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýandyr.
Şeýlelikde, goýun söwdagärleriniň hatyrasyna men soýulmaly sürä çopan boldum. Elime iki taýak aldym-da, olaryň birini «Merhemet», beýlekisini bolsa «Bütewülik» diýip atlandyrdym. Şeýdip, sürini bakdym.
Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?